"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Günüň zyýanly täsirinden goranyň!

Şu günler tomsuň jöwzaly günleri dowam edýär. Yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak örän möhümdir. Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň yssysynda çagalaryň daşarda oýnamagyna ýa-da gezelenç etmegine rugsat bermeli däldir. Ýaş çaganyň bedenine zerur bolan D witamininiň gerekli mukdaryny almak üçin onuň bilen her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam bolsa sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir.

Beýik maksatlaryň oňyn netijeleri

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi. 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garalyp, ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Ýüreklerde alkyş bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, has-da guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň bagtyýar raýatlaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn belläp geçýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde alyp barýan işleriniň bu gün giň gerime eýedigini her bir ädimde görmek we duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permana gol çekmegi hem bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.

Durnukly ösüşiň görkezijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler bilen eziz Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzda adamlaryň bolelin, azat-erkin ýaşamagy ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Adam hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalarda, hususan-da, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini dowam etmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şeýle hem pudaklaýyn anyk maksatnamalary işläp düzmekde öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ilatyň maddy hal-ýagdaýyny hil taýdan täze derejelere çykarmak meselesi döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi ýyl-ýyldan ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda, 12-nji iýulda geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak we iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberi 1410 manat hö

Şatlyga beslenen pursatlar

Körpe nesliň begenji kalbyňda ýakymly duýgulary döredýär. Edermen gallaçylarymyzyň gazanan ajaýyp ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasynda bagtyýar körpeleriň ýüzlerindäki şatlygy görenimizde-de bu ýakymly duýgyny başdan geçirdik. Bu şatlykly pursatlar hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan atalyk aladasy bilen gurşalyp alnan bagtyýar nesliň ýadynda hemişelik galsa gerek. Durmuşymyzyň bezegi bolan çagalar biziň barlygymyz, dowamatymyz. Eziz Diýarymyz bagtyýar çagalaryň gülki sesleriniň, şirin owazlarynyň belentden ýaňlanýan ýurdy hökmünde dünýäde tanalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gül-gunçalary bolan çagalar hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandyr. Olaryň parahat durmuşda ösüp-ulalmagy, sapaly dynç almagy, saglygyny dikeltmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler bar. Bu babatdan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilip, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, adamkärçilik ýaly asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ägirt

Galla aldym — gala aldym

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günlerinde ýurdumyzyň edermen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar guşgursak ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny öndürip, Watan harmanyna goşdular. Gallaçylarymyzyň zähmet ýeňşinde Ahal welaýatynyň janypkeş daýhanlarynyň hem saldamly paýy bar. Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary ýokary hasyl öndürmek üçin turuwbaşdan yhlasly, tutanýerli zähmet çekdiler. Ähli agrotehniki çäreleri wagtynda berjaý etdiler. Ekine ideg etmek, zyýankeşlere garşy göreşmek ýaly jogapkärli işlerde ylmyň gazananlaryna we ozalky ýyllarda toplan tejribelerine daýandylar. Döwlet tarapyndan goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ylaýta-da, tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, beýleki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi meýdan işlerini göwnejaý alyp barmaga hem-de bol hasyly kemala getirmäge itergi boldy. Amatly howa şertleri, ygally günler hem sahawatly topragyň berekedini bolluk bilen eçilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gallanyň satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanyň işe höwesini artdyryp, galla oragyna ýokary taýýarlyklar bilen başlamaga we zähmet ýeňşini gazanmaga ruhubelentlik berdi. Ine, bu şanly günlerde gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan üstünligi, arzyly sepgidi olaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendiginiň güwäsidir, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmel

Topragyň altyn nygmaty

Türkmen topragy — bereketli toprak. Ol daýhanyň yhlasly zähmetine mydama bol hasyl bilen jogap berýär. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesine daýanýan «Daýhan mert — ýer jomart» diýen atalar sözi hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Halkymyzyň dilden düşürmeýän bu sözi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda has-da dabaralandy. Merdana türkmen gallaçylary ene ýere yhlas edip, guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna goşdular. Bu bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda galla bolçulygyny üpjün etmek ugrunda täze bir sepgidiň eýelenendigini görkezýär. Güneşli Diýarymyzda daýhançylyk işi — arzylanýan kesp, hormatly hünär, ekerançylyk meýdanlary bolsa rysgal-berekedi bolluk bilen eçilýän ýerler. Şeýle bolansoň, daýhan ýeriň, ýer daýhanyň hemrasy, ikisi-de halal zähmete aşyk. Daýhan ýeri «gözden salmasa», ýer ony hor edenok. Bu pikir-düşünje gallaçy daýhanlar barada aýdylanda, aýratyn çuň mana eýe bolýar. Sebäbi bugdaý ekip, galla ýetişdirip, bol hasyl almak diňe bir il-günüň eşretini artdyrman, eýsem, has giň manysynda, adamzat ýaşaýşynyň hem özeni bolup durýar. Altyn öwüşgin içre tolkun atan bugdaýly meýdanlarda joşýan yhlasly zähmet gallaçy daýhanyň ýyllyk azabynyň rehnedini berýär. Galla oragyny gysga möhletde jemleýän gallaçy kärendeçiler öňde goýan aýdyň maksatlaryna ýetmek üçin hasylyň ýeke dänesini hem yr

Mert pederleň ruhy bardyr köňülde

Türkmen halky geçmişden şu günlere çenli mert, merdana halk hökmünde tanalyp gelýär. Merdi-merdanalyk «Mert arkasyndan il guwanar», «Mert serini berer, syryny bermez», «Mert söweşde belli, dana — geňeşde», «Mert özünden görer, namart — ýoldaşyndan», «Mert ýigitden mert dogar», «Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar», «Merde berseň aşyňy, mert hezzetlär başyňy» diýýän halkymyzyň ganynda bar. Şonuň üçin hem, ine, şu hakykaty merdana türkmen halkymyz ýüreginden syzylyp çykan Türkmenistanyň Döwlet senasyndaky: Janym gurban saňa, erkana ýurdum,Mert pederleň ruhy bardyr köňülde —

Beýik döwre buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şan-şöhraty barha arşa göterilýär, ykdysady kuwwaty pugtalanýar. Gündelik durmuşymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hem şeýle diýmäge esas berýär. Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar halkymyz üçin şanly wakalaryň biri bolup, ählimizde gyzgyn seslenme döretdi. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylmagynyň özi sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşanydyr.

Manysy içinde, çözgüdi daşynda

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem tutuş adamzada ruhy lezzet berýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň döredijiligi durmuş bilen baglanyşykly meseleler babatda oýlandyrýan döredijilikdir» diýip belleýär. Muny halkymyzyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden şahyryň tapmaça häsiýetli goşgulary-da aýdyň görkezýär. Geçmişde Gündogar edebiýatynda tapmaça häsiýetli goşgulary döretmek edebi däbe öwrülipdir. Magtymguly bu däbe eýerip birnäçe goşgulary ýazypdyr. Beýik söz ussadynyň döwet galamynyň astyndan çykan «Kaýdadygy bilinmez» şygry şeýle goşgularyň biridir. Bu goşgynyň çözgüdi dürli ýyllarda alymlaryň, milli mirasymyzy öwrenijileriň ünsüni özüne çekip geldi. Alym Muhammetnazar Annamuhammedow, Annadurdy Eýeberen ogly bu ugurda dürli çözgütleri okyjylara hödürledi.

Şanly ýyl mynasybetli

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylygy düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşyk welaýat prokuraturasy, beýleki hukuk goraýjy edaralar hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Duşuşyga gatnaşanlar, ilki bilen, muzeý boýunça syýahat etdiler. Sergi bölümlerinde sergilenen taryhy tapyndylar, şöhratly taryhymyzdan söhbet açýan gymmatlyklar uly gyzyklanma döretdi. Ol ýerdäki gymmatly maglumatlar hem ünsi çekiji boldy. Muzeýiň hünärmenleriniň muzeýde saklanýan taryhy tapyndylar hakdaky gürrüňlerini diňlemek has-da täsirli boldy.

Aý­dym-sa­zyň aşy­gy

«Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýýän ilimiziň toý-baýramlaryny bezeýän bagşydyr sazandalarymyz, şahyrlarymyz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen dowam edýän bu ýylymyzda hem uly joşgun bilen işleýär. Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasynda ýaşamak, işlemek — biz döredijilik işgärleri üçin hem uly bagtdyr. Çagalara bilim-terbiýe bermek, olaryň ak gunduz ýaly päk dünýäsine ýakyn bolmak kalbyňa täsin şatlyk bagyş edýär. Bütin ömrümi çagalara aýdymdyr saz öwretmäge bagyşladym. Aýdym-saz ykbalyma oňyn täsirini ýetirýär. «Yhlasa — myrat» diýýän halkymyz mamla. Yhlas bilen aýdymdyr saz öwredýän çagalarym etrapdyr, welaýat derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna, medeni çärelere uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Ýörite geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Meni çagalaryň her bir üstünligi has-da joşgunly we jogapkärçilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Saz (Hekaýa)

Obamyzyň adamlary onuň çalýan sazyny gowy görerdi. Men bolsa onuň saz bilen bagly aýdýan gürrüňlerini diňlemegi halaýardym. Meni has-da heýjana salýan öz agasyny halas etmek üçin Şükür bagşynyň ýalňyz özüniň dutaryny alyp, ala daglardan aşandygy hakyndaky gürrüňleridi. Ol wagtlar oglan başym saz diýlen zadyň ýöne bir toý-tomguda çalynýan güýmenjedir öýderdi. Ýöne men bagşynyň gürrüňlerini diňledigimçe çözmesi kyn bolan uly meseläni bir dutaryň çözüp gaýdandygyna soň-soňlar oturyp-oturyp haýran galardym. Sazanda bolsa oturanlaryň ýüzüne birlaý serederdi-de, geçmiş asyrlaryň jümmüşine siňip şeý diýerdi: «Onsoň ol dutaryny alyp, niredesiň agam diýip, ala garlardan aşyp gidiberipdir. Öňde bolsa oňa durmuş diýlip atlandyrylýan düýpsüz derýa garaşýar. Ykbalyň hanjak gopjagyny bolsa bir Alla bilýär».

Iki çörek (Hindi tymsaly)

Bir hindi zenany günde iki çörek bişirýän eken. Olaryň biri maşgalasy, beýlekisi bolsa öýüniň golaýyndan geçip barýan ötegçiler üçin bolupdyr. Zenan mätäçlere görner ýaly, çöregi görnükli ýerde, ýagny bosagadaky tekjede goýýan eken. Ol her gezek çöregi goýanda uzak ýola ýolagçy bolan oglunyň sag-aman öýe dolanyp gelmegi barada doga okapdyr. Tiz wagtdan zenan tekjede goýýan çöregini günde bir derwüşiň alyp gidýändigine üns beripdir. Ýöne bu derwüş minnetdarlyga derek, her gezek: «Ýamanlyk janyňy ýakar, ýagşylyk ýüz esse gaýdyp geler» diýip, ýoluny dowam etdirip, gider eken. Bu ýagdaý günde gaýtalanyp durupdyr. Derwüşden alkyş alyp bilmejegine göz ýetiren zenan, öz ýanyndan onuň hereketine gatyrganyp, göwni galyp: «Günde bu adam gelip, meniň çöregimi alyp gidýär, emma ýekeje gezek hem sagbolsun aýdanok. Gaýtam, şol bir aýdanyny gaýtalap, ötägidýär» diýipdir.

Ýakymly täsirleri döretdi

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýat kitaphanasynyň meýilnamasy esasynda täsirli çäreler yzygiderli guralýar. «Bilimli nesil — ýurduň ýagty geljegi» ady bilen geçirilen söhbetdeşlik hem şeýle çäreleriň biri boldy. Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlikde kitaphana işgärleriniň çykyşlaryna giň gerim berildi. Çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi, kadaly dynç almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Onuň barşynda çagalara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sport bilen meşgullanmak hakynda gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Gü­lüň owa­dan

Ýur­du­myz­da zäh­met­sö­ýer ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rü­len «Gü­lüň owa­dan!» at­ly bäs­le­şi­giň meş­hur­ly­gy ýy­lyň-ýy­ly­na ar­typ, baý ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bu bäs­le­şi­giň Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi, Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­pa­ry­nyň Sek­re­ta­ria­ty ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de yg­lan edil­me­gi oňa bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­dy. Mu­nuň şeý­le­di­gi bu öz­bo­luş­ly bäs­le­şi­giň Ahal we­la­ýat tap­gy­ry­nyň örän tä­sir­li we gy­zyk­ly geç­me­gin­de hem aý­dyň şöh­le­len­di. Änew şä­he­ri­niň Me­de­ni­ýet öýün­de ge­çen no­bat­da­ky bäs­le­şi­ge onuň et­rap tap­gyr­la­ryn­da öňe saý­la­nan ze­nan­lar gat­naş­mak bi­len, öz­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren ne­pis iş­le­ri­niň ser­gi­si­ni gu­ra­dy­lar. Il­deş­le­ri­miz zäh­met­sö­ýer ze­nan­la­ryň ser­gide gör­ke­zen iş­le­ri­ni uly gy­zyk­lan­ma bi­len syn­la­dy­lar.

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ra­ýat­la­ryň bag­ty­ýar, asu­da dur­mu­şy, aba­dan­çy­ly­gy we sag­ly­gy ba­ra­da uly ala­da­lar edil­ýär. We­la­ýat Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň Ýan­gyn howp­suz­ly­gy bö­lü­mi­niň we­kil­le­ri bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­ri ilat ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat et­me­giň çä­gin­de il­deş­le­ri­mi­ze ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek bo­ýun­ça hem de­ger­li mas­la­hat­la­ry­ny ber­ýär­ler. Çün­ki ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni bil­mek, ony ber­jaý et­mek we ýan­gy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, kä­ri­ne we hü­nä­ri­ne ga­ra­maz­dan, her bir ada­myň bor­ju­dyr. Hä­zir­ki to­mus möw­sü­min­de ho­wa­nyň gyz­ma­gy we meý­dan ot­la­ry­nyň gu­ra­ma­gy se­bäp­li te­bi­gat­da ýan­gyn dö­re­mek how­py art­ýar. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, te­bi­ga­tyň gö­zel ýer­le­rin­de, to­kaý zo­lak­la­ryn­da, se­ýil­gäh­ler­de, öri meý­dan­lar­da açyk ot ýak­mak, sön­dü­ril­me­dik ot­lu­çö­pi taş­la­mak, uç­gun be­ri­ji­le­ri ulan­mak, çüý­şe gap­la­ry­ny, aý­na bö­le­jik­le­ri­ni taş­lap git­mek gadagandyr.

Lez­zet paý­la­ýan nyg­mat

Dün­ýä­de mil­li se­ne­na­ma döw­let baý­ra­my hök­mün­de gi­ri­zil­me­dik, em­ma halk­lar ara­syn­da uly şat­lyk-şa­ga­laň bi­len bel­len­ýän en­çe­me şan­ly se­ne­ler bar. Şo­la­ryň ara­syn­da Bü­tin­dün­ýä şo­ko­lad gü­ni uly ýaş­ly bol­sun ýa-da ki­çi, ta­pa­wu­dy ýok, äh­li adam­lar üçin şü­we­leň­li geç­ýän baý­ram­dyr. Lez­zet­li ta­gam­ly şo­ko­lad ça­ga­la­ryň-da, uly ýaş­ly adam­la­ryň-da iň ha­la­ýan nyg­ma­ty bo­lan­soň, onuň şa­ny­na bel­len­ýän baý­ra­myň da­ba­ra­la­ry­dyr çä­re­le­ri hem gö­wün­le­ri gal­kyn­dyr­ýar. Çün­ki bu da­ba­ra­lar­da şo­ko­lad, süý­jüdir kö­ke önüm­le­ri­niň, dat­ly şo­ko­lad­ly hem-de ka­kao go­şu­lan iç­gi­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri taý­ýar­la­nyp hal­ka hö­dür­len­ýär. El­bet­de, ag­zy­ny süý­jü­den adam­la­ryň mu­ňa be­gen­ji­niň çä­gi bol­ma­ýar. Şeý­le-de to­ma­şa et­mek is­le­ýän­ler üçin şo­ko­lad, süý­ji-kö­ke önüm­çi­li­gi­ni alyp bar­ýan kär­ha­na­la­ra ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar. Bü­tin­dün­ýä şo­ko­lad gü­ni il­kin­ji ge­zek 1995-nji ýy­lyň 11-nji iýu­lyn­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Ýö­ne bu şan­ly se­nä­niň kä­bir ýurt­lar­da baş­ga gün­ler­de, ýag­ny 7-nji iýul­da, 13-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­ýän ýag­da­ýy hem bar. Wag­tyň geç­me­gi bi­len, bu baý­ra­my bel­le­mek dä­bi beý­le­ki döw­let­ler ta­ra­pyn­dan hem ma­kul­la­nyp, onuň ge­ri­mi has gi­ňe­ýär. Ger­ma­ni­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Ita­li­ýa, Rus­si­ýa, Is­lan­di­ýa,

Hor­mat­ly ra­ýat­lar!

Türk­me­nis­ta­nyň «Daý­han­bank» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­na er­kin pul se­riş­de­le­ri­ni amat­ly şert­ler­de ýer­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly tä­ze möh­let­li go­ýu­my­ny hö­dür­le­ýär. «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly möh­let­li go­ýum ýyl­lyk 11 (on bir) gö­te­rim bi­len 1 (bir) ýyl möh­le­te açyl­ýar, şeý­le hem go­ýu­ma pul se­riş­de­le­ri nagt gör­nü­şin­de ka­bul edil­ýär. Şert­na­ma­nyň he­re­ket ed­ýän möh­le­ti ta­mam­la­nan­dan soň­ra go­ýum­çy­nyň ta­la­by bo­ýun­ça pul se­riş­de­le­ri nagt ýa-da nagt däl gör­nü­şin­de gaý­ta­ryl­ýar.