Aý­dym-sa­zyň aşy­gy

16 Iýul 2024
437

«Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýýän ilimiziň toý-baýramlaryny bezeýän bagşydyr sazandalarymyz, şahyrlarymyz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen dowam edýän bu ýylymyzda hem uly joşgun bilen işleýär. Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasynda ýaşamak, işlemek — biz döredijilik işgärleri üçin hem uly bagtdyr. Çagalara bilim-terbiýe bermek, olaryň ak gunduz ýaly päk dünýäsine ýakyn bolmak kalbyňa täsin şatlyk bagyş edýär. Bütin ömrümi çagalara aýdymdyr saz öwretmäge bagyşladym. Aýdym-saz ykbalyma oňyn täsirini ýetirýär.

«Yhlasa — myrat» diýýän halkymyz mamla. Yhlas bilen aýdymdyr saz öwredýän çagalarym etrapdyr, welaýat derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna, medeni çärelere uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Ýörite geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Meni çagalaryň her bir üstünligi has-da joşgunly we jogapkärçilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Ka­ka­jan NURY­ÝEW,
Te­jen et­ra­byn­da­ky 27-nji ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­nyň saz mu­gal­ly­my.