Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleri bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde ildeşlerimize ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça hem degerli maslahatlaryny berýärler. Çünki ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmek, ony berjaý etmek we ýangynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak, kärine we hünärine garamazdan, her bir adamyň borjudyr.
Häzirki tomus möwsüminde howanyň gyzmagy we meýdan otlarynyň guramagy sebäpli tebigatda ýangyn döremek howpy artýar. Şonuň bilen baglylykda, tebigatyň gözel ýerlerinde, tokaý zolaklarynda, seýilgählerde, öri meýdanlarda açyk ot ýakmak, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna bölejiklerini taşlap gitmek gadagandyr.