Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler bilen eziz Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzda adamlaryň bolelin, azat-erkin ýaşamagy ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Adam hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalarda, hususan-da, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini dowam etmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şeýle hem pudaklaýyn anyk maksatnamalary işläp düzmekde öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagtda ilatyň maddy hal-ýagdaýyny hil taýdan täze derejelere çykarmak meselesi döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi ýyl-ýyldan ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda, 12-nji iýulda geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak we iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberi 1410 manat hökmünde bellenildi. Şeýle-de, resminamada zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmelidigi hem beýan edildi.