Ynsanyýetiň baş baýlygy

16 Mart 2022
1901

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň baý döredijilikli durmuşynyň gülläp ösýän taryhy zamany özüniň kämil derejesine ýeten ylym-bilim, medeniýet ulgamy bilen has-da pugtalanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň özgerýän we ösýän döwründe kitaphana gaznalaryny gorap saklamagy üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga bolan höwesini artdyrmak, ýaşlaryň ylym-bilim derejesini ýokarlandyrmak şu günki günde esasy talaplaryň birine öwrüldi.

Ylym-bilimiň ösýän döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, halk döredijilik eserlerimizi toplamak hem-de ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli döredijilik bilen meşgullanyp, halkymyza ajaýyp kitaplary peşgeş bermegi diýseň buýsandyryjydyr. Pähim-paýhasa ýugrulan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda bolsa milli Liderimiz «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär» diýip, kitaba adamzadyň medeni-ruhy baýlygy hökmünde çuňňur ylmy kesgitleme berýär.

Şöhrat Kurbanow,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.