Çuň guýular üçin gazlift klapany

21 Fewral 2022
2392

Bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, gyzylreňk çökündiniň aşagynda köp mukdarda uglewodorod serişdeleri bar. Onuň şeýledigini Uzynada käninde 6500 — 7000 metr çuňluga gazylan birnäçe guýular doly subut etdi. Olardan gaz we kondensat öz akymyna çüwdürim görnüşinde çykýar. Wagtyň geçmegi bilen gatlaklaryň güýji peselip, önümiň çüwdürilip çykmagy kesilýär. Häzirki döwürde ulanylýan mehaniki usullary görkezilen çuňlukda gazylan guýularda ulanmak mümkin däl. Geljekde ýüze çykjak şeýle kynçylygy çözmekligiň aladasy şu günlerden edilýär.

Guýular çüwdürim kadasy bilen işlemek döwrüni geçirensoň, mehaniki usul ulanylyp başlanýar. Olara gazlift usuly, ştangaly nasos, çuňluga goýberilýän elektrik hereketlendirijili dürli görnüşli nasoslar degişlidir. Bu usullaryň ulanyş çäkleri 4000 metr çuňlukdan geçmeýär. Ştangaly nasosyň ulanyş çuňlugy 2500 metr, guýynyň içindäki önüme çümdürilýän nasoslary 4000 metr çuňluga çenli ulanýarlar. Gazlift usulynyň ulanyş çägi 3500 metr töweregidir. Şeýle çäklendirmeleriň sebäpleri her usul üçin aýratyndyr. Ştangaly nasoslaryň göterijisi bolup durýan uzyn ştanga uly agram düşüp ýolunýar, guýynyň gyşarmasy her 10 metr çuňlukda 1o burçdan artyk bolmaly däl. Şeýle göni guýyny gazmak örän kyn. Elektrik hereketlendirijili çuňluk nasoslaryň kabelleri 3500 metr çuňlukdan aşak goýberilende, gysga wagtda hatardan çykýar, sebäbi onuň örtüginiň düzümine guýy önümindäki wodorod gazy aralaşyp, ony hatardan çykarýar. Netijede, kabelde gysga utgaşma bolup, ol ýanýar.

Ramazan MUSTAFAKULOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.