Ylymly il ozar

25 Ýanwar 2022
2219

Bagtyýarlyk döwrümiziň hem-de abadan günlerimiziň kerwenini çekip barýan ata Watanymyz bu günki gün belent ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Ösüşlerimiziň özeni bolan ylym-bilim barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem buýsançly söhbet edilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» diýen bölümindäki dürdäne setirleri okanyňda häzirki döwürde ösen döwletleriň esasy baýlygy bolup durýan ylym-bilim ulgamynyň mähriban Watanymyzda hem uly ösüşlere eýe bolýandygyna, onuň kuwwatynyň artýandygyna has-da guwanýarsyň. Kitapdaky: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen dürdäne setirler çuňňur mana eýedir. Çünki, häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim işgärleriniň öňünde durýan baş wezipeler bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmekden, ylymly, bilimli, zähmetsöýer, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu biz — ýaşlar üçin-de, jemgyýetimiz üçin-de iň uly mirasdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp orna eýe boldy. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösmegi, ilkinji nobatda ylmyň hem-de tehnologiýalaryň ösüşi, milletiň intellektual derejesi bilen kesgitlenýär.

Ösüşlerimiziň özeni, ganaty bolan ylym-bilimiň gülläp ösmegi üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Maksat ÖWEZGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.