Dünýäni dürli reňklerde görmek isleseň...

14 Ýanwar 2022
2141

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021

Her bir adam dünýäni birhili görýär. Ylym adamlary dünýäniň, durmuşyň her bir ülşünden ylmy many çykarmaga çalyşýarlar ýa-da şonuň näme üçin şeýledigini derrew ylmy esasda subut etmäge, akyl ýetirmäge we indiki boljak işleri öňünden kesgitlemäge başlaýarlar. Saz bilen iş salyşýan adamlar bolsa dünýäni notalaryň üsti bilen görýär. Olaryň eşidiş ukyby eýýäm başgaça. Olar hatda adaty adamlar üçin jansyz, sessiz bolan materiallardan hem owaz eşidýärler, şol eşidýän mukamyny bolsa gaýtadan ýene adamlara gaýtaryp berýärler. Söz sungatynyňky ýene tapawutly. Olar dünýäni sözüň üsti bilen ony okan adamlaryň hyýalynda janlandyrmagy başarýarlar. Şekillendiriş sungaty bolsa dünýäni diňe reňklerde berýär. Aňlamagy başarsaň reňkleriň manylary şeýle bir giň we çuň welin, olaryň üsti bilen temperatura, wagt, gaýgy-alada, şatlyk, tizlik, mähirdir söýgi ýaly abstrakt zatlaram duýmak bolýar.

Jemal BAKYÝEWA,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni.