Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam saglygyny goramak, bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, uly ýaryşlarda türkmen türgenleriniň baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny gazanmak babatda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.
Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri bilen birlikde dzýudo boýunça hem türgenleşik işleri geçirilýär. Ýaşlara dürli döwürlerde iri ýaryşlarda türkmen sportunyň abraýyny goran tejribeli tälimçiler halypalyk edýärler. Şeýle bolansoň, mekdebiň ýaş dzýudoçylary geçirilýän ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Elbetde, biz, tälimçiler ýaş türgenleriň her biriniň gazanýan üstünligine guwanýarys. Dzýudoçylar Söhbet Myratgulyýewiň, Didar Öwezmämmedowyň, Allanazar Orazmuhammedowyň sport äleminde uly üstünlikleri gazanjakdyklaryna ynanýarys.