Paýtagtdan iki habar

19 Noýabr 2021
1355

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine barýan eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamyna hem uly ähmiýet berilýär. Biz muny durmuşa geçirilýän işleriň mysalynda görüp-bilip ýörüs. Hormatly Prezidentimiziň 15-nji noýabrda geçiren iş maslahatynyň dowamynda türkmen paýtagtynyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň we Aşgabatda häzirki zaman seýilgähiniň açylyş dabaralaryna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Düýn bolsa bu ajaýyp bina we seýilgäh dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Täze seýilgähde adamlaryň oňaýly dynç almagy bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin degişli mümkinçilikleriň döredilendir. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerýän ähli ildeşlerimizi, şol sanda ýaşlary diýseň begendirdi. Bilşimiz ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine uly üns berýär. Täze seýilgähde hem bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga mümkinçilikleriň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Ajaýyp seýilgähiň paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr onuň myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine ynanýarys.

Gurbanguly GÖKOW, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.