Bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşlary

17 Sentýabr 2021
845

Gahryman Arkadagymyz «Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň bitewi ulgamydyr. Bu çäreler ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we döwlet kepilliklerini, olara goldaw bermegi üpjün etmäge, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde doly ykrar edilmegine gönükdirilendir. Ýetginjekleriň we ýaşlaryň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goldanmagynyň kanunçylyk esasyny mundan beýläk-de berkitmek üçin bu ugurda hem kanunçylygy kämilleşdirmek zerurdyr» diýip nygtaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň ýaşlar baradadygynyň, Watanymyzyň nurly geljegi bolan ýaşlaryň ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem, elbetde, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir.

«Türkmen sporty».