Edermenligiň nusgasy

21 Aprel 2021
944

Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-den gowrak alabaýdan edermenligi bilen tapawutlananlaryň 25-si gatnaşdy. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de alabaý itleriniň köp sanly janköýerleri gatnaşdylar.

Halkara bäsleşige badalga berilmezinden ozal, itşynaslaryň birnäçesi çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada buýsanç bilen beýan etdiler.

«Watan».