Arassa agyz suwy bilen üpjünçilik — abadan durmuşyň möhüm şerti

23 sagat öň
49

Düýn, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Seýitnazar Seýdi geňeşliginiň çäginde agyz suwuny arassalaýjy kuwwatly, döwrebap desganyň açylyp ulanmaga berilmegi welaýatyň ýaşaýjylarynyň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Desgany Mary welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda «Baky çynar» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary gurdular. Açylyş dabarasyna köp sanly raýatlar gatnaşdylar. Desganyň giň howlusy baýramçylyk bezeglerine beslendi. Dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi.

Ýazga geçiren Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.