Bazarlarda haryt bolçulygy

19 Dekabr 2024
112

Täze ýyl baýramçylygy golaýlaşdygyça, ak bazarlaryň we söwda nokatlarynyň gelim-gidimi artyp, söwdalar barha gyzyşýar. Şu günler Ahal welaýatynyň çägindäki bazarlara we söwda nokatlaryna baranyňda hem muňa göz ýetirmek bolýar.

Welaýatyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Änew şäherindäki «Ak bugdaý» bazarynda hem halka edilýän söwda hyzmatlarynyň derejesi göwnüňi göterýär. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew alyjylar jemgyýetine degişli bolan bu bazarda ilata ekologik taýdan arassa önümler hödürlenýär. Olaryň arasynda azyk önümleriniň örän köp görnüşleri, Täze ýyl arçalary we olara niýetlenen jäjeklerdir zerler, yşyklandyryjy çyrajyklar, beýleki harytlar bar. Ildeşlerimize elýeterli nyrhlardan hödürlenýän şol önümlerdir harytlara islegiň örän ýokary bolmagy olaryň hiliniň gowudygy bilen hem baglanyşyklydyr.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.