Pederlerimiziň arzuwlan ak bagty

11 Dekabr 2024
118

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz ähli ulgamlarda günsaýyn ösýär, özgerýär. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan çözgüt boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny görkezmän, ol milletiň beýik ynamyny, erkinligini, özygtyýarlylygyny, isleg-arzuwyny we beýik maksadyny, ösüşini dabaralandyrýar.

Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň beýik arzuwyny ýol-ýörelge edinen ata-babalarymyz mukaddes Garaşsyzlygyny, özboluşlylygyny gazanmagy, asuda asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde azat, erkin ýaşamagy, parahatçylyk söýüji döwlet derejesine ýetmegi isläpdirler. Her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda we beýleki ýerlerde giňden bellenilip geçilýän Halkara Bitaraplyk güni bolsa ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň wysalyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjiliginiň netijesinde, berkarar Diýarymyz hemişelik Bitaraplygyň ählumumy parahatçylyk we ösüş ýörelgelerine laýyklykda, halkyň bähbidine täze mümkinçilikleri açmaga, halkara jemgyýetçilik bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklamaga, iň esasysy-da, abadançylygy ýokarlandyrmaga köpugurly şertleri döretdi.

Kuwwat ÝOWBASAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.