Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

11 Dekabr 2024
80

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýesper Wardan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Diplomata okgunly durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek babatda Mejlisiň alyp barýan işi barada gürrüň berildi. Dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, hukuk giňişligine işjeň goşulyşmak bilen, Türkmenistan demokratik institutlaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, onuň umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.