29 ýyl­dan soň 3-nji gezek

11 Dekabr 2024
118

Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da çem­pi­on iň soň­ky tap­gyr­da bel­li bol­dy. 38-nji tap­gy­ryň çä­gin­de sa­na­wyň li­de­ri «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Sao-Pau­lu» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny, 2-nji ýer­dä­ki «Pal­mei­ras» to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da «Flu­mi­nen­se» to­pa­ryn­dan 1-0 as­gyn gel­di. Ne­ti­je­de, «Bo­ta­fo­ga» bi­len «Pal­mei­ra­syň» ara­syn­da­ky utuk ara­ta­pa­wu­dy 6-a çyk­dy we Rio de Ža­neý­ro şä­he­ri­niň we­ki­li 29 ýyl­dan soň 3-nji ge­zek Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry mun­dan öň 1968-nji we 1995-nji ýyl­lar­da çem­pi­on bo­lup­dy. Go­laý­da ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gy­ny hem ga­za­nan to­pa­ra por­tu­ga­li­ýa­ly Ar­tur Žor­že tä­lim ber­ýär. Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da bas­syr 3-nji, soň­ky 6 ýyl­da 4-nji ge­zek por­tu­ga­li­ýa­ly tä­lim­çi­ler çem­pi­on­lyk ga­zan­dy.

«Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry bir möw­süm­de hem Li­ber­ta­do­res Kubogyny, hem-de mil­li li­ga­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3-nji bra­zil klu­bu­dyr. On­dan öň­de «San­tos» 2 (1962, 1963) hem-de «Fla­men­go» 1 (2019) ge­zek şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zip­di. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry 2021-nji ýyl­da 2-nji li­ga­da – «Se­rie B»-de çem­pi­on bo­lup­dy. «Bo­ta­fo­ga» Bra­zi­li­ýa­da 3 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan 11-nji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.