Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda

11 Dekabr 2024
106

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny ylmy esasda düýpli öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda hem-de halkara derejede giňden bellenilip geçilmegini guramak, onuň şygyrlar diwanyny türkmen we dünýäniň ençeme dillerinde ýokary hilli neşir edip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, milletiň buýsanjy bolan Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň agzybirliginiň has-da pugtalanmagynda uly ähmiýeti bolan edebi mirasyny gymmatly hazyna hökmünde aýap saklamak we geljek nesillere ýetirmek, nusgawy şahyrymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da artdyrmak barada bimöçber işler alnyp barylýar.