Il-ýurt bähbitli oňyn işler

27 Noýabr 2024
174

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmek, önümçilige intellektual eýeçiligi ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkitmek, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

«Esger».