Asylly ýörelgeler edep-terbiýe mekdebidir

27 Noýabr 2024
209

Ata-babalarymyz edep-ekramly, asylly, çeper elli, işeňňir gyz, ar-namysly, edermen, gaýduwsyz, merdana ogul perzentleri terbiýelemegiň mekdebini miras goýupdyrlar. Çünki asylly terbiýe durmuşyň manysy, ynsan ömrüniň bezegi hasaplanýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okanyňda has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Kitapda halkymyzyň edep-terbiýe mekdebi, ruhy güýji dürli rowaýatlardyr hekaýatlaryň üsti bilen açylýar. «Rowaçlygyň sütüni halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ykrar edilen milli ýörelgeleridir, jemgyýetçilik kanunlarydyr. Olaryň mazmuny daşa ýazylan ýaly, halkyň aňynda galan, il içinde giňden ýaýran hekaýatlardyr tymsallar bilen nesillerden-nesillere geçýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz ýazýar.

Çaga terbiýesiniň binýady maşgalada goýulýar. Maşgalada ata-enäniň göreldesi ogul perzent üçin-de, gyz perzent üçin-de esasy edep mekdebidir. «Ulusy bolmadygyň kiçisi bolmaz» diýen nakyl ýöne ýere aýdylýan däldir. Perzendiň durmuşdaky ýoly, edep-ekramy, köpçülikde özüni alyp barşy maşgalada alan edep-terbiýesine baglydyr. Çaga ulalyp, aga-gara düşünip başlandan, ululara meňzejek bolýar, esasan-da, ene-atasynyň hereketini gaýtalaýar. Eger maşgalada uly ýaşlylar edep-terbiýeli bolsa, şol ojagyň çagalary hem edepli adamlar bolup ýetişýärler.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».