Täze taryhy döwrümizde ösüp barýan jemgyýetimiziň berk sütüni hasaplanýan maşgala baradaky aladalara döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, onuň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda degişli işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetiň berkligini maşgalanyň agzybirliginde görýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky asylly başlangyçlaryny parasatlylyk bilen dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ýaş maşgalalary goldamak, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada nygtap, bular bilen baglylykda degişli işleri yzygider durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berýär.
Şu jähtden maşgala gatnaşyklary bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmäge, ony döwrüň ösen talabyna laýyk getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär we degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Maşgala kodeksine girizilen goşmaça laýyklykda, nikany bozmak hakynda kazyýet tarapyndan çözgüt çykarylandan soň, ýöne nikanyň bozulandygy RÝNÝ edaralarynda döwlet tarapyndan bellige alynmazyndan öň är-aýal ýaraşan ýagdaýynda, kazyýetiň olaryň arzalary esasynda bu meseläni taraplaryň nika bozmak baradaky öňki raýat işiniň çäginde seredip, çözgüdi ýerine ýetirmegi bes edýändigi we bu barada kesgitnama çykarýandygy beýan edilýär. Bulardan başga-da, kodeksiň 27-nji maddasynda är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklamak üçin çäreler görmäge, zerur halatlarda är-aýaly ýaraşdyrmak üçin alty aýa çenli möhlet belläp, işe garamagyny gaýra goýmaga kazyýetiň borjy baradaky kadalar kämilleşdirilip, zerur halatlarda kazyýetiň är-aýaly ýaraşdyrmak üçin üç aýa çenli möhlet bellemäge, eger-de şu möhletiň dowamynda olar ýaraşmasa, ýöne maşgalany saklamak mümkinçiligi aradan aýrylmadyk bolsa, onda är-aýaly ýaraşdyrmak üçin ýene-de alty aýa çenli goşmaça möhlet belläp, işe garamagyny gaýra goýmaga hukugynyň bardygy baradaky goşmaçalar öz beýanyny tapýar. Munuň özi maşgalada agzybirligi, bitewüligi saklap galmaga, maşgalanyň binýadyny berkitmäge, är-aýalyň arasyndaky düşünişmezligiň aradan aýrylmagy üçin berilýän wagtyň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilýändigi bilen ähmiýetlidir.