25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow häzirkizaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.