Änewde tutulan toý

18 Noýabr 2024
230

Golaýda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi bolup geçdi.

Ol wakalar — TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň Medeniýet ministrlikleriniň jogapkär işgärleriniň nobatdaky maslahaty, wekiliýetleriň resmi böleginiň Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli «Ak bugdaý» muzeýine, gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin ýadygärligine baryp görmekleridir. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy hem-de ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi taryha altyn harplar bilen ýazyldy.

Taýýarlan Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».