Nusgawy edebiýaty öwretmek

10 Noýabr 2024
357

Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdepde okuwçylara döwrebap bilim bermek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, hünäre ugrukdyrmak, kitaba, zähmete söýgi döretmek ugrunda döwrebap işler alnyp barylýar. Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen mekdebimizde her bir guraýan sapaklarymyzy multimedia tagtasyndan peýdalanyp, okuwçylara görkezmek, ses ýazgylaryny, aýdymlary diňletmek usulynda geçýäris. Bu bolsa geçilýän temalaryň okuwçylaryň ýatlarynda has gowy galmagyna ýardam edýär.

Sapagymyzyň başynda okuwçylary ýurdumyzda bolup geçýän täzelikler, syýasy wakalar bilen tanyşdyrýarys. Watanymyzyň ösüş ýolunda ýeten belent sepgitleri bilen habarly bolmagy okuwçylaryň watançylyk duýgularyny ösdürýär. Edebiýat sapagy boýunça geçýän temamyza görä, nakyllary, söz ussady, akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihata, edep-terbiýä ýugrulan şygyrlaryny okuwçylara aýtdyrmak bilen girişýäris.

Laçyn NARLYÝEWA,
Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.