Okuwçylarda matematika gyzyklanma döretmek

10 Noýabr 2024
470

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da belende galýar. Ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamy ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Okuwçylarda matematika dersine bolan höwesi döretmek mugallymlardan ýeňil bolmadyk zähmeti talap edýär. Göräýmäge, çözülişi ýönekeýje ýaly bolup görünýän, emma ýeterlik derejede çylşyrymly meseleler okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Sapakda programmalardan peýdalanyp, okuwçylara tema düşündirilende onuň täsirliligi has ýokarlanýar. Matematika sapaklarynda «GeoGebra», «Desmos», «SageMath», «Matlab» we başga-da birnäçe programmalardan peýdalanmak bolýar.

Aksoltan AGAMYRADOWA,
Saýat etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň mugallymy.