Täze ýylyň täsinlikleri

1 Ýanwar 2021
2536

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalary netijesinde milli baýramçylyklarymyz bilen bir hatarda, halkara derejede bellenilýän Täze ýyl baýramçylygy hem giňden toýlanýar. Öz mynasyp zähmet sowgatlary bilen gelýän halkymyz milli Liderimiziň saýasynda bu ajaýyp baýramçylygy uly ruhubelentlik bilen belleýär.

Bilşimiz ýaly, Täze ýyl baýramyny bellemegiň her halka mahsus bolan täsin aýratynlyklary bar. Arçalary, öýleri we saçaklary dürli görnüşli naz-nygmatlar bilen bezäp garşy almak ähli halklarda bolşy ýaly, türkmen halkynda hem däp bolup gelýär. Her kim öýlerini we arçalaryny biri-birinden owadan, üýtgeşik edip bezemäge çalyşýar, saçaklary bezemek üçin yhlas edýär. Halkymyzyň arasynda sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Täze ýyl baýramynyň şowhunyny artdyrýan ýörgünli ynançlar bar, ýagny bu nurana baýramçylykda geljek ýylyň düşümli bolmagy arzuw edilýär. Şeýle hem halkymyzda iň oňat arzuwlar aýdylýar. Munuň özi Täze ýyla arzuwlaryň hasyl bolýan ýyly hökmünde garalýandygyny aňladýar. Şeýle arzuwlaryň içinde türkmen halkymyz parahatçylygy, asudalygy, agzybirligi, saglygy aýratyn belleýär.

Ogulgözel ÝAZHANOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.