Saz çalsa, saýraman durardy guşlar...

30 Oktýabr 2024
376

Onuň sazlary bihal däldi, özüne kökerýärdi, ýüpsüz baglap goýýardy. «Hansähet ussanyň ussat perzendi, Jepbar bilen baga giren dutarym» — diýip, Geldi Bäşini joşuran, sazy söz bilen duşuran Jepbar Hansähet oglunyň doglan gününiň 100 ýyllyk senesi bu güýzüň gujagyna many-mazmun goşup, saza meňzeş dünýä zerbaplyk çaýyp geldi.

«Dutara dil bitiren halypa». Ine, şeýle at bilen golaýda halypanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli ýatlama agşamy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçen bu döredijilik agşamy, oňa gatnaşanlary täsirli duýgular bilen gurşap aldy. Elbetde, dabarada sazandanyň nebereleriniň çykyşlary hem boldy. Halypanyň agtygy Serdar Nurlyýewiň eden söhbetleri ýatlamalar dünýäsiniň zer sahypasy bolup, köňüllerde we aňlarda öçmejek täsirleri galdyrdy.

Dursun TEKÄÝEWA,
«Dünýä edebiýaty».