Gymmatly hazyna

30 Oktýabr 2024
327

Medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösýän zamanasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny aýawly saklamak, dikeltmek, goramak we giňden wagyz etmek hem-de olaryň üstüni ýetirmek, täze öwüşginli, döwrebap medeni gymmatlyklary döretmek babatda uly işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň, asylly däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň dünýä ýaýylmagynda, gadymyýetden habar berýän gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagynda we geljekki nesillere ýetirilmeginde muzeýlere aýratyn orun degişlidir.

Ata-babalarymyzyň döreden milli mirasynyň baý gaznasyny özünde jemleýän muzeýler biziň şu günümiziň gymmatly hazynasydyr. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimizde asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyz saklanýar. Halkyň toplan taryhy-durmuş tejribesini, geçmişini, ýaşaýyş-durmuşyny doly beýan etmäge ýakyndan ýardam edýän taryhy tapyndylar muzeýe gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Adamlaryň  türkmen halkynyň gadymy taryhyna, baý medeniýetine, däp-dessurlaryna bolan düşünjesini artdyrmakda we milli mirasymyzy içgin öwrenmekde, gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda hem-de olary geljekki nesillere ýetirmekde  muzeýleriň ähmiýeti uludyr. 

Arslan NURGELDIÝEW,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory.