Sahna örklenen ykbal

30 Oktýabr 2024
318

Her birimiziň kalbymyzda güýze garaşmak duýgusy bar. Kimsämiz oňa baş baýramymyzyň ýakymyna eýlenmek, kimsämiz täze okuw ýylyna girişmek, kimsämiz bol berekede şaýat bolmak maksady bilen garaşýarys. Sungatyň muşdagy hökmünde köpimiziň güýzde açyljak teatr möwsümine garaşmak edähedimiz hem bar. Teatrdaky eserleriň jadyly täsiri birki sagatlyk hem bolsa seni ähli aladalaryňdan saplap, öz dünýäsine alyp gidýär. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda ýakynda açylan möwsüm hem sungatyň muşdaklarynyň ählisini begendirdi. Her ýyl bolşy ýaly, teatryň döredijilik topary öz goruna ýene bir täze eseri goşdy. Şu möwsümiň täze spektakly «Sensiz nädip ýaşaryn?» diýlip atlandyrylýar. Başga bir täzelik bolsa bu eseri režissýorlyk dünýäsine ilkinji gezek gadam goýýan ýaş sungat wekiliniň sahnalaşdyrmagydyr. Hawa, täze eser teatryň balet artisti Şöhrat Atabaýewiň ilkinji režissýorlyk işi. Hut şu eser hem Şöhrat bilen söhbedimize sebäp boldy.

— Täze eserimiz meşhur dramaturg Aşyr Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy» atly eseriniň esasynda sahnalaşdyryldy. Bu eseriň ady okyjylara tanyş bolmagy mümkin. Çünki «Söýgi duralgasy» ýurdumyzyň beýleki käbir teatrlarynda hem sahnalaşdyryldy. Biz hem esere täzeçe çemeleşip, oňa öz özgertmelerimizi girizdik — diýip, Şöhrat ilkinji işi barada gürrüň berýär.

Söhbetdeş bolan Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.