Adamzat paýhasynyň dürdänesi

28 Oktýabr 2024
305

Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy dünýä ähmiýetli şahsyýet bolmak bilen, beýik şahyryň döredijilik mirasy umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine, şeýle hem parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýadyna öwrüldi. Munuň şeýledigine 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, bu iri forumda Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik akyldaryň baý mazmunly edebi mirasynyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitleýändigini aýdyp, Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hem-de ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleriniň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Şoňa görä-de, akyldar şahyryň goşgularyndan eriş-argaç bolup geçýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň hem esasy özenini düzýär.

Maral NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.