Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda ilkinji gezek geçirilen «6 Kings Slam» tennis ýaryşynda italiýaly Ýannik Sinner ýeňiş gazandy. ATP-niň sanawynda bolmadyk bu görkezme ýaryşyna 6 erkek tennisçi gatnaşdy. Çärýek finalda Sinner russiýaly Daniil Medwedewden (6:0, 6:3), ispaniýaly Karlos Alkaras bolsa norwegiýaly Holger Runeden (6:4, 6:2) üstün çykdy. Ýarym finalda-da Sinner serbiýaly Nowak Jokowiçi (6:2, 7:6, 6:4), Alkaras bolsa watandaşy Rafael Nadaly (6:3, 6:3) ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli geçen finalyň 1-nji setinde Alkaras 7:6 öňe saýlansa-da, 2-3-nji setlerde Sinner 6:3-lik hasaplar bilen ýeňiş gazandy. Sinner ýeňiji hökmünde 6 million dollarlyk pul baýragyna mynasyp boldy. Bu görkeziji «Uly tuwalga» çempionlygyna berilýän mukdardan hem has ýokary bolup, ýaryşa gatnaşanlaryň ählisi azyndan 1,5 million dollar pul baýragy bilen sylaglandy.
Tennis boýunça Gazagystanyň Almaty şäherinde erkekleriň arasynda geçirilen «Açyk» çempionatda russiýaly Karen Haçanow ýeňiji boldy. 6:2, 5:7 we 6:3 hasaplar bilen tamamlanan 3 setiň netijesinde Haçanow finalda kanadaly Gabriel Diallony ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň şu ýylky «Katar Açykdan» soň 2-nji, karýerasy boýunça-da 7-nji çempionlygydyr.