Maslahat geçirildi

8 Oktýabr 2024
327

Golaýda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty geljekki ösüşleriň aýdyň ýoludyr» atly maslahat geçirildi. Mekdebiň dabaralar zalynda geçirilen maslahata mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Mejlisiň deputaty Ogulşad Durdymedowa, mugallymlar Saparbaý Jumaýew, Gaýypnazar Nurnazarow, Güljemal Omarowa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Jennet Gulmyradowa, TSTP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Döwran Atabaýew dagy çykyş edip, halk häkimýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetiň syýasy ulgamyny mundan beýläk hem  kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedigi barada täsirli gürrüň etdiler. Oňa ýaňy-ýakynda işjeň ýagdaýda geçen umumymilli forumda kabul edilen taryhy çözgütleriň anyk esas bolup durýandygy nygtaldy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzy belent derejelere  ýetiren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tutumly işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.

Maýsagözel AMANGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzasy.