Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gün-günden beýik ösüşlere beslenmegi, ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde kämil bilim almagy üçin alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz Türkmenistanda türkmen ýaşlaryna häzirki zamanyň ösen ülňülerine gabat gelýän derejede ylym-bilim almaga giň mümkinçilikler döredilýär.
Zähmetsöýer, päk ahlakly, ruhubelent şahsyýetleri kemala getirmek merdana halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň gözbaşynda durýan möhüm ýörelgedir. Bagtyýar zamanamyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenip, bu ugurda önjeýli iş bitiren alymlarymyza sarpa goýup, olaryň gymmatly pikirlerini gündelik okuw-terbiýeçilik işiniň gidişinde ulanmak örän ähmiýetli işleriň biri. Bu babatda okuw-terbiýeçilik işleriniň utgaşykly alnyp barylmagy üçin Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebinde hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Geljegimiz bolan ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk, zähmetsöýerlik bilen utgaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da mekdebimiziň mugallymlary okuwçylar bilen geçirýän okuw-terbiýeçilik işlerinde, sapaklara agzybirlik, jebislik, watançylyk, bagtyýarlyk hakynda nygtaýarlar. Milli Liderimiz Magtymguly Pyragy hakynda aýdan ajaýyp jümlesinde şeýle diýýär: «Mähriban topragynyň hakyky watançysy we onuň joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragy ýüzlerçe ýyl mundan öň, özüniň şygyrlarynda halkymyzyň agzybirligi we jebis-ligi, Watanymyzyň azatlygy we bagtyýarlygy barada arzuw edipdi».