Geologlar möhüm meseleleri üstünlikli çözýärler

7 Oktýabr 2024
358

Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň depginini ýokarlandyrmaklyga uly üns berilýär. Ýokary taýýarlykly hünärmenler islendik pudakda önümçiligiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan halkara derejesindäki täze bilim edaralarynyň açylmagyna uly üns berýär. Şeýle hem dünýä belli kompaniýalaryň nebitgaz pudagy üçin gerek bolan seýsmiki maglumatlary işläp taýýarlaýan we interpretirleýän toplumlaryny öz içine alýan ýokary çözgütli, 3D ölçegli seýsmiki barlag işlerine mümkinçilik berýän enjamlary satyn almak ýola goýuldy. «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleriniň öňünde goýlan möhüm meseleleriň biri Türkmenistanyň iň uly gaz ýatagy bolan «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi bolup durýar.

Häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleri «Galkynyş» gaz känini öwrenmegiň 3-nji tapgyrynda 3D ölçegli seýsmiki barlag işlerini alyp barýarlar, bu bolsa ilkinji iki tapgyrda alnan maglumatlaryň üstüni ýetirer, şeýle hem çuň burawlama üçin täze obýektleri kesgitlär.

Ýana TRUŽNIKOWA,
Geologiki maglumatlar merkeziniň topar başlygy.