Lowurdap dur Arkadagyň şäheri

7 Oktýabr 2024
401

«Wena baly» diýlende, göz öňüňde bezegi özüne ýetik giň meýdançada wals tansyny edip ýören bagtyýar jübütler janlanýar. Bu bal — Wena baly özüniň gözbaşyny geçen asyrdan, ýagny 1935-nji ýyldan alyp gaýdýar. Biziň ýurdumyz hakynda aýdanyňda bolsa, ony Gahryman Arkadagymyzyň ýurt Baştutany hökmünde 2008-nji ýylda Wena bolan sapary bilen baglanyşdyryp bolar. Çünki şol ýylda döredijilik işgärlerinden ybarat bolan topar, has dogrusy, sungat ussatlarymyz Wenanyň belli konsert köşgünde çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göteripdiler. Ýewropada ilkinji gezek ýaňlanan halk sazlarydyr mukamlar medeni gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Şonuň esasynda-da, gatnaşyklar berkäp, 2009-njy ýylyň maý aýynda mermer paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde türkmen-awstriýa orkestriniň ilkinji konserti geçirilip, ol ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň hasam berkemegine getirdi.

2011-nji ýylyň sentýabrynda bolsa ilkinji Wena baly geçirilip, onuň watany hasaplanýan Awstriýa bilen medeni gatnaşyklaryň ösýändiginiň güwäsi boldy. Bu bal hakynda Gahryman Arkadagymyzyň:

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».