Intizar we ygtybar

5 Oktýabr 2024
424

Ýagşy günüň ýakymy, hoş günüň hoşallygy — synagly, göreşli ýollaryň işi. Göreşmeseň garaşly bolýaň. Onuň nämedigi bolsa taryhyň sapaklaryndan belli. Ol — ýapjalyk, boýun sunmaklyk. Türkmen ýekinde halamaýan şeýle zadyna garşy 800 ýyllap göreşipdir. Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, «Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi» diýip, göreşip garaşypdyr. Beýle garaşmak kaýyllyk bilen gözleri ýolda galan intizar garaşmak däl. Göreşip garaşanyň arzuwy nesibeli günleriň birinde wysal bolar eken. Wysal bolan şol arzuwlara çenli ýoldaky göreşlerde baş goýanlardyr Aşgabat ýertitremesiniň pidalary... garaz, žurnalistleriň aýdyşy ýaly, hiç kim, hiç zat unudylanok. Nädip unutjak diýsene! 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň bizden alyslarda bolsa-da, öýsaýyn çabraýşy, adam başyna gopdurýan kyýamaty aýdyp-diýerden çökderdi. Şeýde-şeýde, pil, kätmen işi aýal, oglan-uşaga, meýdanda mal yzyna düşmek garry-gurta galyberdi. Urşuň yzynda galanlar ýer sürdüler, ekdiler, ordular, özleri iýmän iýdirdiler. Kimedir öýdýäňiz? Çagalaryna diýýäňizmi? Tapdyňyz bir giň ýeriň, töre düzlüginiň gürrüňini. Jahanda uruş barýarka, çöregi çepbe çeýnemegiň seniň özüňe-hä däl, çagalaryňa-da ýedi ýatyp turanda-da düýşünde dişine degmejegi düşnükli. Ýogsam ak bugdaýy degirmende üwäp, gözüň ýagyny iýip barýan ürpük uny eläp, ýugrup, aldyryp, Günüň nury ýaly çöregi iýseň, mädäňe degmez, ýöne gözüňe deger. Arman, beýderden B.Hudaýnazarow aýtmyşlaýyn:

Tamdyr tüsselänok küren obada,
Işiklerde gömlüp galdy ojaklar —

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».