Dabaraly duşuşyk

4 Oktýabr 2024
412

1-nji oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Dabara professor-mugallymlar, talyp ýaşlar, ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda edilen çykyşlarda ýurdumyzda ýaşululara goýulýan hormat-sarpanyň belentdigi baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň dabaraly bellenilen günlerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi uly üstünliklere beslenip, täze ösüşlere badalga berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu mejlisi hem halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, oňyn özgertmeleriň, täzelenişiň ýolundan ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Dabaraly duşuşykda bu barada giňişleýin söhbet edildi.

Bibi GAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.