Elekt­ron en­jam­la­ry nä­hi­li aras­sa­la­ma­ly?

4 Oktýabr 2024
345

Komp­ýu­ter­dir beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ry aras­sa­la­mak ow­nuk we üns­li çe­me­leş­me­li iş ha­sap­lan­ýar. Kä­ha­lat­lar­da öý­de ýa-da ofis­de aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ri­len­de komp­ýu­ter­le­riň göz­den syp­dy­ryl­ýan ha­lat­la­ry bol­ýar. As­lyn­da, bu elekt­ron en­jam­lar yzy­gi­der­li aras­sa­çy­ly­gy ta­lap ed­ýär. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän­di­gi we için­de ow­nu­jak bö­lek­le­riň bar­dy­gy se­bäp­li bu en­jam­lar aras­sa­la­nan­da has üns­li bol­ma­ly. Ge­liň, bu en­jam­la­ry aras­sa­la­ma­gyň kä­bir usul­la­ry­na se­re­de­liň!

Komp­ýu­ter kla­wia­tu­ra­sy­ny aras­sa­la­mak o di­ýen kyn däl. Em­ma is­len­dik elekt­ron en­jam aras­sa­la­nan­da su­wuk se­riş­de­le­ri örän se­re­sap­ly ulan­ma­ly­dy­gy­ny üns­den dü­şür­me­li däl. Se­bä­bi su­wuk aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si aşa köp ula­nyl­sa ýa-da en­ja­myň içi­ne gir­se, zy­ýan ýe­tir­me­gi müm­kin. Aras­sa­çy­ly­ga baş­la­maz­dan ozal, bu en­jam­la­ry tok­dan aýyr­ma­ly. Kla­wia­tu­ra­ny il­ki ba­şa­şak tu­tup, aşa­gyn­dan ça­la­ja ur­ma­ly we silk­me­li. Şeý­le­lik­de, düw­me­le­riň ara­sy­na gi­ren ha­pa we to­zan bö­le­jik­le­ri ga­çar. Elekt­ron en­jam­la­ryň sa­tyl­ýan dü­kan­la­ryn­da kla­wia­tu­ra aras­sa­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ba­syş­ly se­riş­dä­ni düw­me­le­riň ara­sy­na pürk­me­li. Soň­ra gu­ry mik­ro­sü­ýüm­li es­gi bi­len sü­pür­me­li we gu­ra­ýan­ça ga­raş­ma­ly.