BMG-niň syýahatçylyk guramasy «UN Tourism»-iň soňky hasabatyna görä, dünýäniň halkara syýahatçylygy koronawirus pandemiýasyndan öňki derejesine gaýdyp gelip, doly diýen ýaly dikeldildi. 2024-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda halkara syýahatçylygy 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bary-ýogy 4 göterim yzda.
«UN Tourism»-iň 2024-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda dünýä syýahatçylygynyň ösüşi baradaky täze hasabatynda, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda dünýäde 790 milliondan gowrak syýahatçynyň daşary ýurda syýahat edendigi bellenilýär. Bu görkeziji 2023-nji ýyldakydan 11 göterim köp we 2019-njy ýyldakydan 4 göterim az. Halkara syýahatçylygynyň ösmeginiň esasy faktorlarynyň biri hem daşary ýurtlaryň howa ýollarynyň geografiýasynyň giňeldilmegi we wiza talaplarynyň ýönekeýleşdirilmegi boldy.