Baky bagtyň mesgeni

2 Oktýabr 2024
385

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň görküne görk goşýan gözel paýtagtymyz Aşgabat bu günki gün tanalmaz derejede özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gülläp ösýän ak şäherimiz Aşgabat sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Asuda zamanamyzyň gözel keşbini özünde jemleýän paýtagtymyz owadan, Ýer ýüzünde ýaşamak üçin amatly şäherleriň biridir. Häzirki wagtda Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat bagtyýar halkymyzyň şu gününi, geljegini nurlandyryp, ösüşleriň täze belentliklerine barýar.

Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň ähli künjegi bilen birlikde merjen şäherimizde hem baş baýramymyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy uly ruhubelentlik bilen baýram edildi. Baýramçylyk günlerinde ak mermerli paýtagtymyz aýratyn öwüşgine, toý lybasyna beslendi. Şanly senäniň öňüsyrasynda merjen şäherimiziň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýynyň hem-de seýilgähiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir baýramçylygy şeýle belent tutumlar, ýetilen sepgitler bilen garşylaýan eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň, gazanýan üstünlikleriniň aýdyň görkezijisidir.

Enejan ŞYHLYÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy.