«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenip, Garaşsyz Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda ähli ulgamlarda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilýär. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler, ynsanperwer başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Çalt depginde özgerýän hem-de ösýän ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagaty we geologiýa pudagy hem uly özgerişlere eýe bolýar. Bu pudakda ýangyç çig mal serişdelerini gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, dünýäniň hil ülňülerine laýyk gelýän täze desgalary gurmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini artdyrmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz pudagynda geljegi nazarlaýan maksatnamalar, meýilleşdirilýän taslamalar ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde uly orun eýeleýär. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda göreldeli zähmet çekýän nebitçileriň zähmet, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça ähli şertleriň döredilýändigi olaryň ajaýyp döwrümize buýsanjyny artdyrýar.