Garaşsyz Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara utgaşýar. Ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenmegi we naýbaşy toýumyzyň şanyna ýatda galyjy çäreleriň guralmagy ildeşlerimizde buýsançly duýgulary döretdi. Toý günlerinde döwletimiziň we halkyň öňünde uly abraýa eýe bolan, köpýyllyk ak ýürekli zähmeti üçin hormata mynasyp bolan ildeşlerimiziň uly toparynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, hormatly atlara mynasyp bolmagy şatlykly pursatlaryň üstüni ýetirdi.
Watanymyzyň durmuşyndaky şatlykly wakalar ýurt abadançylygynyň, il agzybirliginiň dabaralanmasydyr. Şeýle bagtyýarlyga her birimiz guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz — bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris.