«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ak mermerli Aşgabat hem Arkadag şäherlerinde, ähli welaýat, etrap merkezlerinde gurlup ulanylmaga berlen sport-bedenterbiýe toplumlarynda we desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri, guwandyryjy ýeňişleri biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar. Häzirki wagtda sport ussatlarymyzyň hem türgenlerimiziň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda, olimpiadalarda, uniwersiadalarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrmagy hormatly Prezidentimiziň bu ugurda amala aşyrýan başlangyçlarynyň ajaýyp netijesidir.