Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýaryşda okuwçy oglanlar we gyzlar aýratynlykda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde okuwçy gyzlaryň arasynda 16-njy orta mekdebiň topary birinji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda 1-nji, 10-njy hem-de ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepleriň toparlary baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiji toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.