Çekeleşikli geçen bäsleşik

23 Sentýabr 2024
410

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwletli işleriniň netijesinde Garaşsyz Türkmenistan sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pajarlap ösýän ýurdy, iri halkara ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän mekany hökmünde dünýäde ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Şeýle işleriň çäklerinde «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň «Gyzylarbatetrapgaz» gaz hojalyk edarasynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli şahsy birinjiligi almak ugrunda sportuň şaşka görnüşi boýunça geçirilen bäsleşigem uly ruhubelentlige beslendi.

Muhammet MUHAMMEDOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň «Gyzylarbatetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň içerki gullugynyň ussasy.