«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

19 Sentýabr 2024
407

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni-durmuş wakalaryny beýan etmekden, milli arhiw gaznasynyň resminamalary esasynda türkmen edebiýatyna, ylmyna uly goşant goşan meşhur ýazyjylaryň, alymlaryň döredijilik ýoluny açyp görkezmekden hem-de milli arhiw işiniň gazananlaryny wagyz etmekden ybaratdyr.

Žurnalyň nobatdaky sany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp şygry, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary hem-de Kararlary, döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm halkara forumlardaky, döwlet derejesindäki çärelerdäki çykyşlary, Mejlisiň resminamalary, kanunçylyk, kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen açylýar. Neşirde täze taryhy döwrüň jemgyýetçilik-syýasy wakalary baradaky makalalara aýratyn orun berilýär.

(TDH)