Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrabyň polisiýa bölümi bilen bilelikde welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda «Ýollarymyz asuda, illerimiz aman bolsun!» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Onda çykyş edenler biraýlygyň dowamynda guralýan wagyz-ündew işleriniň ýollarda howpsuz hereketi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi, awtoulag sürüjileri bilen bir hatarda, pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmaklydyklary, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmelidikleri barada gürrüň etdiler.