Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri

18 Sentýabr 2024
329

Kaka etrabyndaky 10-njy çagalar bagynda “Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri” atly aýdym-saz bäsleşigi geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşige etrapdaky çagalar baglaryndan mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpelerinden düzülen toparlar gatnaşdy.

Aýdym-saz sungatyna höwesli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly çagalary ýüze çykarmak, olaryň milli mirasymyza söýgüsini artdyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň naýbaşy toýuny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik örän täsirleri döretdi. Onuň şertlerine laýyklykda, körpeler gözel Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler. Etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan bäsleşikde 5-nji çagalar bagynyň folklor topary ýeňiji boldy.

Aýbölek AMANGULYÝEWA,
Kaka etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň müdiri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.