Türkmen zenanlarynyň syrly dünýäsiniň açaryny el halysyndan gözleseň bolar. Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň başarnygy bilen dörän türkmen halylarynda okalmadyk syrlar kän. Gahryman Arkadagymyz: «Asyrlaryň dowamynda türkmen halysyna «Syrlardan dokalan gözellik» diýip at beripdirler» diýýär. Milli Liderimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly ajaýyp eserlerini okanyňda, gadymy oguz zenanlarynyň haly nagyşlarynyň arasynda gizlän syrlarynyň üstünden barýarsyň. Halynyň syrly nagyşlarynda ene-mamalarymyzyň köňül arzuwlary bilen birlikde, Oguz han atamyzyň tagmalaryny, nyşanlaryny, aw guşlarynyň şekilini görmek bolýar. Asyrlar aşan gadymy nusgalar biziň günlerimize çenli gelip ýetip, Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki bäş sany haly gölüniň nagyşlarynda hem Oguz han atamyzyň öz milletine sargyt eden nyşanlarynyň birnäçesi bar.
Ýeri gelende bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatda guralan amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisinde ýüpek halylaryň bölümindäki Pazyryk halysy hemmäniň ünsüni özüne çekdi. Tapylanyna iki asyr geçen Pazyryk halysy dünýäde iň gadymy haly nusgalarynyň biri. Onuň asyl nusgasy Altaý daglarynyň baýyrlaryndan tapylýar. Bu täsin tapyndy dünýäniň alymlarynda, arheologlarynda, taryhçylarynda, syýahatçylarynda, ýazyjydyr žurnalistlerinde uly gyzyklanma döredýär. Netijede, alymlar bu gadymy senediň türkmen halysydygyny, onuň dokalyş tehnologiýasynyň türkmen halysynyň dokalyş usulyna degişlidigini subut etdiler. Dünýäde iň gadymy haly bölegi türkmen halysynyň parçasy bolup çykýar.