Wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

17 Sentýabr 2024
417

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şu günler biraýlygyň çäklerinde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, gözükdiriji amaly okuwlar baý mazmuna eýe bolýar.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli Daşoguz garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň guramagynda welaýatyň çägindäki harby bölümleriň şahsy düzümleriniň we harby mekdebiň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle mazmunly wagyz-nesihat çärelerinde köp gatnawly köçedir ýollaryň islendik ýerinden kesip geçmän, ýolyşyklaryň bar ýerinden, ýörite geçelgelerden geçmelidigi, ýol hereketiniň ähli düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy hakynda düşündiriş işleri geçirilýär.

Aýytgeldi JUMANIÝAZOW,
Daşoguz garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketine gözegçiler wzwodynyň serkerdesiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.